Sungat äleminde zenanlaryň waspy

Zenan gözelligi, zenan mertebesi bu gün ýurdumyzyň dürli künjeginde dabaralanýar. 2026-njy ýylyñ mart aýynyñ 4-ne Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly uly göwrümli sergi gurnaldy. Sergi türkmen milli sungatynyň taryhy ösüşini, çeperçilik aýratynlyklaryny we ruhy mazmunyny giňişleýin açyp görkezýär. Zenan keşbi türkmen sungatynda diňe bir gözelligiň nyşany däl, eýsem jemgyýetiň ruhy binýadynyň, däp-dessurlarynyň hem-de milli özboluşlylygynyň simwolydyr. Sergide ilkinji ussat suratkeşleriň döredijilik mirasyndan başlap, häzirki döwrüň ýaş suratkeşleriniň täzeçe garaýyşlaryna çenli eserler görkezilýär. Zenanlara bagyşlanan bu sergi jemgyýetde zenan mertebesini wasp etmek bilen birlikde, olaryň döredijilik mümkinçilikleriniň giňelýändigini hem görkezýär.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm