«Talyp gözeli – 2026» bäsleşigi geçirildi

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlaryň arasynda zehin-başarnygyny, ugurtapyjylygyny, maksadaokgunlylygyny, ruhubelentligini, eziz Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çäksiz söýgüsini hem-de buýsançlylygyny, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy we halkymyzyň köp öwüşginli medeni mirasynyň nepis aýratynlyklaryny kämil bilişini, şol gymmatlyklary ýaş nesillere ýetirmek ukybyny, maşgala durmuşyna taýýarlygyny, gyz maşgala mahsus medeniýetini, ýokary ahlak sypatlaryny we edep ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, «Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşigine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Güljahan Myradowa gatnaşyp hormat haty bilen sylaglandy. Bu şatlykly waka bilen 5-nji martynda çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda mugallymlaryň hem-de talyplaryň gatnaşmaklarynda gutlanyş dabarasy geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm