Açyk howada tejribelik sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyplary tejribelik, amaly okuw sapagyny tebigata çykyp ýerine ýetirdiler. Mugallymlar talyplara Bahar paslynda tebigatyň owadan reňklere beslenen ajaýyp pursadyny gysga göwrümli eserlerde ýerine ýetirilişiniň usulyny öwretdiler. Talyplaryň her biri açyk howada owadan tebigatyň belli bir bölegini sungat eserine geçirmegi başardylar. Reňklere baý tebigatyň baglary we ajaýyp gülleri sungat eserlerinde çeper beýan edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm