«Türkmen şekillendiriş sungaty we medeniýetiň gadymy kökleri» atly maslahaty geçirildi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda çykaran 344 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen şekillendiriş sungaty we medeniýetiň gadymy kökleri» atly maslahaty geçirildi. Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallym-öwrenijisi M.Şiriýewiň «Döwletmämmet Azady – ussat pedagog, şahyr, filosof», Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy M.Atajanowanyň «Sanly tehnologiýalara daýanýan ylym bilim ulgamyny kämilleşdirmek», Nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy K.Gurbangeldiýewiň «Talyplaryň döredijilik eserlerinde çeperçilik usulyny ösdürmek» we Dizaýn kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Ataýewanyň «Bedew atym – ganatym» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm