«Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly» atly ylmy-amaly maslahaty
2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 04-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 81 ýyllygy hem-de Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanyp «Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Her bölümçede halypa mugallymlar, beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan mugallymlar we talyp ýaşlar dürli temalar boýunça çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.Maslahatyň çäginde Sergiler jaýynda Beýik Ýeňişimizi şöhlelendirýän döredijilik eserleriniň sergisine mugallymlaryň we talyplaryň gezelenç syýahaty gurnaldy. Asuda, parahat durmuşymyzy, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikleri, halkymyzyň agzybirligi, parahatçylyk söýüjiligi we geljege bolan ynamyny wasp edýän döredijilik eserlerine syn edildi.
