GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ BATLY GADAMLARY ÝAŞ SURATKEŞLERIŇ DÖREDIJILIGINDE
Mähriban halkymyzyň baky bagtyna öwrülen şanly Garaşsyzlyk şuglasy bu günki gün ata Watanymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Bu şanly sene şu ýylymyzyň taryhy wakasy bolmak bilen bir hatarda, halkymyzyň milli buýsanjydyr.2026-njy ýylyň maý aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň toýy mynasybetli “Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary” atly bäsleşik sergisi açyldy. Bu sergide şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça asuda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny hem-de abadançylygyň mekanyna öwrülen, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösüşini we parahatçylykly hukuk gatnaşyklaryny wasp edýän sungat eserleri ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň we zehinli talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde köňül kelamynyň buýsanjy boldy.
