Dostlukly döwletleriň «5-nji Halkara senetçilik festiwaly» geçirildi

Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyz Ermenistan Respublikasy medeni gatnaşyklaryny saklap gelýär. 2026-njy ýylyň 15-18-nji maý aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Megri şäherinde «5-nji Halkara senetçilik festiwalyna» «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý., H.Annageldiýew gatnaşdy. Bu halkara senetçilik festiwalyny Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet ministri tarapyndan açylyp, bu ýurduň wekilleri, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Gruziýa, Russiýa, Belorussiýa ýaly döwletleriň sungat işgärleri gatnaşdylar. Halkara senetçilik festiwalynyň çäginde «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. H.Annageldiýew küýze, düýeleriň we narlaryň keşbindäki külalçylyk önümlerini sergä gatnaşdyrdy. Şeýle-de zergärçilik sungatyna degişli şaý-sepler görkezildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm