Milli sungatymyzy wasp edýän zehinli talyplarymyzyň diplom eserleri

Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýän döwründe, amaly-haşam sungaty hem kämil derejelere ýetýär. Ýaş nesillerimize bu sungatyň inçe syrlaryny, nepis gözelliklerini öwretmekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda uly işler alnyp barylýar. Şu günler bu ýokary okuw mekdebinde okuwyny üstünlikli tamamlaýan uçurumlaryň diplom işleriniň goragy gyzgalaňly dowam edýär. «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň «Halyçylyk», «Keramika», «Zergärçilik» hünärleri boýunça 6-ýyl bilim alan zehinli talyplarymyz ýerine ýetiren diplom işlerinde özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ähli diplom işlerinde milli mirasymyzyň çeper çözgütleri öz beýanyny tapdy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm