Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň diplom goragy geçirildi
2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 13-nji iýunynda Türkmeistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň talyplarynyň diplom işleriniň goragy geçirildi. Talyplaryň diplom işlerinde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, grafika, binagärlik, dizaýn ýaly dürli ugurlar boýunça ýüzlenilen temalaryň ähmiýeti seljerilip, halypa mugallymlar tarapyndan şol eserleriň wajyplygy barada bellenildi.
Ýaş sungaty öwrenijiler Bägül Annadurdyýewiň «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň çeper bezegi», Şirmyrat Kerimowyň «Aşgabat şäheriniň medeni we jemgyýetçilik binalaryň çeper bezegi (XXI asyr)» hem-de Ogulsona Öwezmyradowanyň «Arkadag şäheri – döwrebap binagärligiň nusgasy» atly çykyşlary boldy. Şeýle-de şekillendiriş sungatynda öz döredijiligi bilen giň orun alan ýaş türkmen suratkeşleriniň döredijiligi barada taýýarlanan kitap monografiýalar we görkezme esbaplary synag toparynyň dykkatyna hödürlendi. Diplom goragyna gatnaşan alymlar tarapyndan talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini metbugatyň önümçiliginde ornaşdyrylmagy ýerlikli hasap edildi.
