Dandanakan galasynda tomusky tejribelik okuw sapagy geçirildi

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türk menistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň mugallymlary we talyplary Mary welaýatynda ýerleşýän Dandanakan galasynda tejribelik okuw sapagyny geçdiler. Talyplar bu ýerde binagärlik bezegleriniň we gurluşynyň aýratynlygyny öwrendiler. Tejribe sapagynyň dowamynda orta asyrlarda duş gelýän bezegleri, olary düzýän geometrik we ösümlik nagyşlary barada täsirli maglumatlar berildi. Sapagyň dowamynda ylmy barlaglary netijesinde 3D skaner görnüşli gural arkaly Juma metjidiniň rejelenen ýagdaýyny öwrenmek hem-de anyk mysallarda çyzgylara geçirmek göz öňünde tutulyp amala aşyryldy. Orta asyrlara degişli Dandanakan galasynyň Juma metjidiniň gurluşy talyplarda uly gyzyklanma döretdi.
Tejribe sapagyň dowamynda talyplar umumy sapaklarda alan nazary bilimlerini tejribäniň üsti bilen berkitmäge mümkinçilik aldylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm