2026-njy ýylyň 02-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagy ylym-bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Bu taryhy waka bilen 2026-njy ýylyň 02-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Watan” habaralary arkaly tomaşa edildi. Okuw sapagynyň dowamynda ýaş nesliň öwrenmäge höwesini artdyrmak, olaryň milli gymmatlyklara wepalylygyny berkitmek babatda gymmatly pikirler beýan edildi. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynyň 35 ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň esasynda dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dost-doganlyk gatnaşyklary barada giňişleýin gürrrüň berildi. Bu beýik ösüşleriň binýadynda halkymyzyň agzybirliginiň, parahatçylygynyň we döredijilikli zähmetiniň bardygy barada bellenildi. Şeýle-de türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, maşgala mukaddesligine, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn üns berilmeginiň möhümdigi aýdyldy.