Ähmiýetli okuw sapagyna bagyşlanan gepleşik

2026-njy ýylyň 03-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymlaryň gatnaşmaklarynda tegelek stol gepleşigi geçirildi. Gepleşikde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagy hem-de ylym-bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli taryhy barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de Watançylyk sapagy ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer, arassa ahlakly, milli ýörelgelere wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmek babatda has-da jogapkärçilikli işlemäge borçlandyrýandygy barada hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin sagbolsun aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm