Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke bedewleri bilen bagly dabaralar geçirilýär

Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlaryanyň gözelligini, tohum aýratynlyklaryny we atçylyk sport ugry boýunça açyp görkezýän halkara derejeli çärelere badalga berildi. 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheriniň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty we gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bu çäre «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hyzmatdaşlygynda guralýar. Bäsleşigiň esasy maksady – dünýäde meşhur bolan ahalteke bedewleriniň ajaýyp gözelligini, çydamlylygyny, ýyndamlylygyny we gadymy türkmen seýisçilik däplerini dünýä jemgyýetçiligine tanatmak. Kronenberg çäreleriniň çäginde yglan edilen döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň tanymal sungat işgärleri, şeýle-de talyplar hem-de daşary ýurtlardan işlerini hödürlän wekiller gatnaşýar. Ýurdumyzyň suratkeşleriň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly eserlerinde, fotosuratlarda türkmen halkynyň behişdi bedewlere bolan buýsanjy sungatyň dilinde çuňňur beýan edilýär.
Çärede atçylyk-sport ýaryşlary, ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi, ylmy-amaly maslahaty we türkmen medeniýetini açyp görkezýän sergileri geçirmegi göz öňünde tutuldy. Ahalteke bedewleriniň bu ýurtda geçirilýän halkara çärelerde çykyş etmegi türkmen atçylygynyň abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Niderlandlar Patyşalygyndaky ahalteke bedewlerimiziň şanyna geçiriljek dabaralar dünýäni haýrana goýýar.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesine iň gowy netijäni görkezmegini, üstünlikli gatnaşmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm