«Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýoly şekillendiriş sungatynda» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýoly şekillendiriş sungatynda» atly ylmy-amaly maslahaty mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda geçirildi. Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy G.Nurýagdyýewanyň «Garaşsyzlyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty», Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy A. Möwlamowanyň «Garaşsyzlyk döwründe halkara taslamalaryň durmuşa geçirilişi», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Y.Şamämmedowyň «Türkmenleriň çaga oýnawaçlarynyň milli bezeg aýratynlyklary», Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy J.Halbaýewanyň «Garaşsyzlyk – dillerimiziň senasy», Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Ş.Güljäýewanyň «Garaşsyzlyk – baky Berkararlyk binýadymyz» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan ösüşler we ahalteke bedewiniň şöhraty, ýurdumyzyň okgunly ösüşi barada giňişleýin gürrüňler berildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm