Şanly baýramyň mynasyp sowgady

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylynda türkmen medeniýetiniň şan-şöhraty has-da belende galdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň netijeleri boýunça «Iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, senetçilik we taslama-bezeg işleri üçin» ugrunyň mynasyp ýeňiji ýaş zehinleriniň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Maksat Hudaýberdiýewiň we ýokary okuw mekdebiniň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Zergärçilik sungaty» 6-njy ýyl talyby Kömekgeldi Orazdurdyýewiň, «Binägärlik we dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Dawutmuhammet Maksatmuhammedowyň, şol fakultetiň «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Annageldi Şageldiýewiň Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanmagy, sungat ojagymyzda mundan bu ýana-da kämil eserleri döretmek ugrunda alnyp barylýan işlerimize has-da uly itergi berdi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm