«Eziz Watan – kalbymyzyň aýdymy» atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşlik geçirildi

Garaşsyzlygymyzyň toýunyň giňden toýlanylýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimizde ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Bu taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Eziz Watan – kalbymyzyň aýdymy» atly aýdym-saza beslenen döredijilik söhbetdeşlik geçirildi. Döredijilik işgärleriniň şeýle belent atlar, baýraklar bilen sylaglanmagy hormatly Prezidentimiziň sungata aýratyn gadyr goýýandygyny äşgär edýär. Ata Watanymyza şan getirmek, onuň ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe gitmegine goşant goşmak biziň watançylyk borjumyzdyr diýip çykyş edenler özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm