«Halkymyzyň milli terbiýe mekdebi» atly okuw maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Halkymyzyň milli terbiýe mekdebi» atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň geçen umumy okuw sapagynda geljegimiz bolan ýaş nesli watançylyk we milli ruhda terbiýelemekde, döwrebap ylym-bilim bermekde paýhasly maslahatlary berendigini buýsanç bilen bellediler. Ýaşlaryň terbiýeçilik işinde olaryň watançylyk duýgusyna doly düşünmeklerine, halkymyzyň gadymy taryhyna, medeni gymmatlyklaryna we Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarlaryň mirasyny öwrenmäge bolan höwesini artdyrmagyň zerurdygyny öňe sürdi. Şeýle hem merdana pederlerimiziň durmuş tejribesiniň ýaşlar üçin mukaddes mekdep we ruhy çeşmedigini aýratyn nygtady. Okuw sapagynda pähim-paýhasa ýugrulan her bir jümle türkmen ýaşlary üçin bahasynda ýetip bolmajak durmuş mekdebi bolandygy barada çykyşlarda giňişleýin beýan edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm