«Ene tebigat» atly halkara döredijilik sergisi dowam edýär
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda her günde «Ene tebigat» atly sergä tomaşa etmäge gelýän watandaşlarymyzyň hem-de daşary ýurtly myhmanlarymyzyň sanynyň yzy üzülmeýär. Bu ajaýyp sergide görkezilen ynsan bilen tebigaty baglanyşdyrýan dürli döredijilik pikirler bilen beýan edilen suratkeşleriň eserleri tomaşa edýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Sergi zalynyň diwaryny bezeýän bu sungat eserlerine syýahat edýän tomaşaçylar, özlerini tebigat dünýäsiniň gözel künjegine aralaşan kimin ajaýyp duýguny başdan geçirýärler. Tomaşaçylar bu ajaýyp eserler barada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň berýän gyzykly gürrüňlerinden hoşal bolýarlar.
