Zehinli talyplarymyzyň gazanan üstünligi
2026-njy «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Türkmen alabaý itiniň iň gowy surat eseri üçin «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Serdar Osmanow, Türkmen alabaý itiniň iň gowy heýkeli üçin «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Bahar Batyrowa hem-de Türkmen alabaý itiniň daşky keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi üçin «Binagärlik» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Ybraýym Ýaýlimow ýeňiji boldular.Zehinli talyp ýaşlarymyzy milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýyny sungat eserlerinde wasp etmekde gazanan döredijilik üstünlikleri bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys!
