«Okatmagyň usulyýeti – bilim özgertmeleriniň binýady» atly okuw maslahaty

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Okatmagyň usulyýeti – bilim özgertmeleriniň binýady» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny, kämil, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek boýunça bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmagyň iş tejribeleri barada giňişleýin söhbet edildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2026 – 2027-nji okuw ýylynda ýerine ýetirilmeli işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Sungat ojagynda zähmet çekýän nakgaşçylyk hem-de sungaty öwreniş kafedrasynyň halypa mugallymlarynyň şekillendiriş sungaty bilen baglanyşykly bellenen temalar boýunça täsirli çykyşlary hem diňlenildi. Soňra sowal-jogaplar alşyldy. Halypa mugallymlar talyp ýaşlaryň bilim bilen birlikde, terbiýelerini, başarnyklaryny ösdürmek baradaky tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle-de ýaş mugallymlaryň öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyryp, ýaşlara terbiýe we bilim bermekde, okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegine jogapkärli bolmalydygy baradaky çykyşlar bolsa, has-da täsirli boldy. Şeýle hem häzirki döwürde bilim, terbiýe bermegiň hilini döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek baradaky wezipeler dogrusynda ýerine ýetirilen çykyşlarda aýratyn bellenildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm