«Ahalteke bedewi – dünýä gymmatlygy» atly döredijilik duşuşygy

2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Ahalteke bedewi – dünýä gymmatlygy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynda halypa mugallymlaryň giň mazmunly çykyşlaryna orun berildi.
Özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan behişdi bedewlerimiz türkmen halkynyň mizemez gymmatly hazynasy hasaplanýar. Ahalteke bedewleriniň halkara derejesinde ykrar edilmegi 2023-nji ýylda ahalteke atçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen tassyklanyldy. Türkmen halkynyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan ýyldyrym deý ýyndam bedewlerimiz barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bolan «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly dürdäne kitaplarynda bu gymmatlygyň gelip çykyşy we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin beýan edilýär diýip çykyşlarda bellenildi.
Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dürli dabaralar behişdi bedewlerimiziň hormatyna bagyşlanýar. Şeýle dabaraly çäreleriň biri-de türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen şeýle hem «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda Ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda, çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigi ýokary derejede geçirilýär. Döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýän ýaş mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy halypa mugallymlaryň çeken zähmetiniň miwesini görkezýär diýip çykyşlarda beýan edildi.
Bize Ahalteke atlary ýaly at-abraýy, şan-şöhraty dünýä dolan milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde nusgalyk ýol görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent, tutumly we döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm