Ahalteke bedewi ýaş suratkeşleriň döredijilik dünýäsinde

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda geçiren okuw sapagynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp «Ahalteke bedewi ýaş suratkeşleriň döredijilik dünýäsinde» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň Garaşsyzlygynyň, özbaşdaklygynyň we milli mertebesiniň nyşanlarynyň biri bolmak bilen, behişdi bedewlerimiziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynda, medeni diplomatiýasynda uly orny eýeleýändigi dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de ýaş suratkeşleriň türkmen bedewine bagyşlanan döredijilik eserleriniň üstünlikleri hakynda beýan edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm