Nusaý galasyna syýahat

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gadymy Nusaý galasynyň taryhy ýadygärligine gezelenç syýahaty amala aşyryldy. Syýahatyň dowamynda talyp ýaşlar gadymy Nusaý galasynyň binagärlik sungatyny we onuň ajaýyp tebigatyny reňkleriň üsti bilen öz eserlerinde wasp etdiler. Şeýle-de binagärlik ugrundan bilim alýan ýaşlarymyz taryhy ýadygärligiň binagärlik gurluşyny tejribelikde hakyky keşbini içgin öwrendiler. Taryha siňen bu ajaýyp ýadygärligiň geçmişden şu güne saklanyp galmagy bilen baglanşykly belli alymlaryň, taryhçylaryň alyp baran gazuw agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarlan gymmatly tapyndylar dogrusynda halypa mugallymlaryň gyzykly gürrüňleri beýan edildi. Bu amala aşyrlan syýahat talyp ýaşlarymyzda taryhy ýadygärliklerimize bolan beýik söýgüni hem-de hormaty artdyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm