2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi
2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlarynyň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmaklarynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Sungat ussatlarynyň joşgunlyk bilen ýerine ýetiren aýadym-sazlary bu dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Watanymyzyň asudalygyny, parahatçylygyny, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän zehinli talyplaryň ýerine ýetiren şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilik eserleri manyly çykyşlar we aýdym-sazlar bilen sazlaşyp ruhuňy göterýän ýagdaýy döretdi.
Dabaraly duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geljek Täze ýylymyzy ajaýyp arzuwlar, belent maksatlar, zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny nygtadylar. Olar 2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ajaýyp ösüşleriň buýsandyryjy ýyly bolandygyny aýtdylar. Şeýle-de çykyş edenler Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylan işleriň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyzyň bähbitleriniň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin bahasyz baýlykdygy buýsançly bellendi.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri