«Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň döredijilik sergisi
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» wasp edýän talyp ýaşlaryň ajaýyp eserlerini synlamaga Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli çagalar bagynyň körpeleri hem-de orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylary özleriniň terbiýeçileri we mugallymlary bilen gatnaşdylar.Sergide çagalara we mekdep okuwçylaryna 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň many-mazmuny düşündirildi. Şeýle-de, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk we Abadançylyk binalarymyzyň şekil taslamalarynyň üsti bilen mukaddesliklerimiz barada çagalara gyzykly gürrüň berildi. Sergide görkezilen parahatçylygy, asudalygy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän sungat eserleri ýaş nesillerimizde uly täsir galdyrdy. Körpeler we mekdep okuwçylary öz buýsançlaryny türkmen, rus, iňlis, fransuz, nemes dillerinde goşgular bilen beýan etdiler.
«Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň açylan döredijilik sergisi çagalarda we okuwçylarda ýatdan çykmajak pursat bolup, olaryň edep-tertibine, gowy okamaklaryna, parahat dünýämiziň waspçylary bolup terbiýelenmeklerine täsir etjekdigi bizi diýseň buýsandyrýar.
«Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň döredijilik sergisi nesillerimizi watansöýüjilik, jebislik, agzybirlik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli mekdep bolup durýar.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy