2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň bilelikdäki «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Parahatlyk – baky synmaz bagtymyz» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde halkymyzyň beýik ynsanperwerlik ýörelgeleri döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk derejesi bilen öz mazmunyny has-da baýlaşdyrýandygy, şeýle-de şanly ýylymyzyň şygarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunyny, parahatçylygyň, dost-doganlygyň ähmiýeti dogrusynda beýan edildi.