Hormatly Prezidentimiziň: “Men “Watan” we “halk” diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşalarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, döredijilige höwesli talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, kämilleşdirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Serdar Jumaýew III orna mynasyp bolup, hormat haty bilen sylaglandy.