Uçurumlaryň binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça diplom goragy geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Binagärlik we dizaýn fakultetiniň Binagärlik we Dizaýn kafedrasynyň uçurumlarynyň diplom işleriniň goragy geçirildi. Binagärlik kafedrasynyň binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi, binagärlik gurşawynyň dizaýny, Dizaýn kafedrasynyň Dizaýn ugrundan uçurumlar diplom işlerini synag toparynyň dykgatyna hödürlediler. Diplom goragynda talyplaryň döreden binagärlik taslamalary we çyzgy işleri barada gürrüňler boldy. Zehinli ýaşlarymyzyň gaýtalanmajak pikirlerini we oýlap tapyşlaryny açyp görkezýän işler ata Watanymyzyň geljegine, şäherdir obalaryň ösüşine täzeçil garamagyna iterýär.
Binagärlik we dizaýn taslama işlerinde ülkäni öwreniş muzeýleriniň, awtomenzilleriň, syýahatçylyk zolaglarynyň şekil taslamalary, metjitleriň hem-de söwda we dynç alyş merkezleriniň taslamalarynyň çyzgylary aýratynlygy bilen tapawutlandy. Uçurumlar diplom işlerinde foreks we beýleki serişdelerinden peýdalanyp, milli däplerimiz bilen sazlaşdyrylyp taýýarlanan taslamalarda binanyň daşky keşbinde, umumy görnüşinde, içki bezeglerinde mahsus milli nyşanlarymyz aýratyn orun tutýar. Şeýle-de tekizligiň ýüzünde taslamany çözmeklik, jaýlaryň kiçi we uly göwrümli içki giňişliginiň (interýeriniň), binalaryň daşky görnüşiniň (eksterýeriniň), giň meýdanlaryň şeýle-de şäher giňişliginiň taslama çözgütleriniň ussatlygy görünýär. Zehinli talyplaryň ýerine ýetiren taslama işlerinde okuw ýyllarynyň dowamynda toplan tejribesiniň we çeperçilik ukyplarynyň derejesiniň ýokarydygyny görmek bolýar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm