Şanly Ga¬raş¬syz¬lyk¬ baý¬ra¬my¬my¬zyň¬ belle¬nil¬ýän¬ gün¬le¬rin¬de¬ ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu dabarada çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Arslan Atahanow hem-de «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Pawel Annahowskiý Türkmenistanyň Prezidentiniň şa serpaýlaryna mynasyp boldular. Şeýlelikde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň sentýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda mugallymlaryň hem-de talyplaryň gatnaşmaklarynda Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan mugallym Arslan Atahanowy hem-de «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Pawel Annahowskiýi uly şatlyk bilen gutlamak dabarasy geçirildi.