Gutlanyş dabarasy

2025-nji ýylyň 1-5-i noýabry aralygynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Halkara çeperçilik sergisi hem-de onuň çäklerinde Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň Hormatly atlaryna mynasyp bolan adamlary sylaglamak dabarasy boldy. Şol dabarada Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýew Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň doly agzasy, nyşany we «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň habarçy agzasy, nyşany bilen sylaglanmak hormatyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymlaryň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda gutlanyş dabarasy geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm