«Parahatçylyk we ynanyşmak – Bitaraplygyň binýady» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri

2025-nji ýylyň 04-nji dekabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak – Bitaraplygyň binýady» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň uly mugallymlary Annadurdy Almämmedow baş baýrak we Annageldi Jumaniýazow höweslendiriji baýrak bilen sylaglandylar. «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyplary Älemşa Rejepow hem-de Nurmuhammet Ýolamanow «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň redaksiýasynyň yglan eden «Dünýä dursun parahat!» atly döredijilik (fotosurat) bäsleşiginde II oruna mynasyp bolup, hormat haty bilen sylaglandylar. Şeýle-de «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Gülöwser Hojanepesowa «Sungatda parahatçylygyň waspy» atly nakgaşçylyk eseri üçin II orun hem-de «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Güljan Şöhratgeldiýewa «Parahatçylygyň waspçylary» atly heýkel eseri üçin III oruna mynasyp bolup hormat haty bilen sylaglandylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm