«Gadymy heňňamyň aýdymy» atly okuw sapagy geçirildi

2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň «Gadymy heňňamyň aýdymy» atly bölümine bagyşlanyp okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda ussat mugallymlaryň “Asman – Zemin bitewüligi Oguz han atamyzyň döwletlilik çyragynyň örküdir”, “Agzybirlik il-halkymyzyň owal-ahyr ygrarly, tutuş durmuşynyň manysyna öwren ýörelgesidir”, “Oguznamalardaky” oguz tagmalarynyň emele gelmeginiň hekaýaty”, “Oguz hanyň öýi türkmen paýhasynyň dünýä inýän giňişligidir”, “Oguznamanyň” mazmunyndaky ýörelgeler” ýaly gyzykly çykyşlary ýerine ýetirildi. Mugallymlaryň okuw sapagynda ýerine ýetiren çykyşlary bilim alýan talyplarymyzda uly täsir galdyrdy. Bu okuw sapagy talyplaryň zehinleriniň kämilleşmegine, sungat eserleri bilen baglanyşykly taslama eserleriniň anyk taryhy beýanynyň şöhlelenmegine itergi berer.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm