«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny:Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek»
2025-nji ýylyň 09-10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyna «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň mugallymy Maýa Arazgeldiýewa gatnaşdy. Şeýle-de bu maslahatyň çäginde geçýän sergi meýdançasynda «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymlary Dursunsolmaz Muhammedowa keramika önümleriniň ýasalyşyny, Aýjemal Çaryýewa gelin-gyzlaryň şaý-sepleriniň taslamada çyzgysyny we Bahar Pirgulyýewa haly önümleriniň dokalyşynyň aýratynlygy barada ussatlyk sapaklaryny görkezdiler.
