Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bedew bady bilen ösýän asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara beslenýär. 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 11-12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Bu sergi ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň özboluşly dowamyna öwrüldi. Sergide sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplarynyň dürli ugurlarda ýerine ýetiren naýbaşy eserleri görkezildi. Sungat ojagymyzyň amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, külalçylyk, halyçylyk, binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler, ýaş zehinleriň pikirlerini, arzuwlaryny we duýgularyny giňişleýin beýan edýär. Sungat eserleri ýurdumyzyň belent sepgitlerini, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlaryny, asuda, parahat durmuşymyzyň ýyl saýyn özgerýän keşbini wasp edýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ussat mugallymlarymyz we ýaş zehinli talyplarymyz bu serginiň ähmiýeti dogrusynda özleriniň ýürek buýsançlaryny wagyz işlerinde beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm